Berlinde Türkmen-german işewürlik forumy geçirildi
29.09.2023 | 20:06 |Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik forumy geçirildi. Onuň işine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Germaniýanyň paýtagtynyň "Marriot" myhmanhanasynda geçirilen işewürlik forumyna Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralrynyň ýolbaşçylary hem-de telekeçiler gatnaşdylar.
Germaniýa tarapyndan foruma ministrlikleriň, German ykdysadýetiniň Gündogar komitetiniň, Kiçi we orta telekeçiligiň federal birleşiginiň, german banklarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT news