Gazagystanda geçiriljek “Türk dünýäsiniň etnomodasy” sergisinde türkmenleriň milli eşikleriniň ýygyndysy görkeziler
25.09.2023 | 18:40 |“Türk dünýäsiniň etnomodasy” atly moda hepdeligi 26-njy sentýabrda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçiriler. Çäräni gurnaýjylaryň berýän maglumatlaryna görä, moda sergisi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çägindäki halkara festiwalynda geçiriler.
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlardan 20 dizaýner we synçy Yslam dünýäsiniň ruhy paýtagty diýlip atlandyrylýan gadymy Türküstana geler. Gatnaşyjylar, Türkmenistan ýaly beýleki dokuz ýurduň etnik toparlarynyň egin-eşik ýygyndylaryny hödürlärler.
“Türk dünýäsiniň etnomodasy” atly VI halkara hepdeligi 20-nji sentýabrda Özbegistanyň Fergana şäherinde başlandy we 26-njy sentýabrda Gazagystanyň Türküstan şäherinde dowam eder. Ruhy ýakynlyk üçin döredilen moda taslamasy we türk halklarynyň medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ähmiýetli bolup, TÜRKSOÝ we Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Türkiýe, Mongoliýa, Tuwa Respublikasy, Tatarystan, Saha(Ýakutiýa) Respublikasy ýaly ýurtlaryňetnik dizaýnerlerini birleşdirdi. Şeýle hem Gazagystanyň dürli sebitlerinden suratkeşler, senetçiler, we döredijilik pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Festiwalyň dowamynda dürli medeni we döredijilik çäreleri hem geçiriler we dizaýnerler - “Modada etnik stiliň ösüşiniň geljegi” tegelek stoluna gatnaşarlar, senetçiler öz eserlerini sungat we senetçilik ýarmarkasynda hödürlärler, bäsdeşlik meýdançasynda suratkeşleriň suratlarynda Türküstanyň görnüşleri surata düşüriler. Aýdymçylar we sazandalar üçin saz we özboluşly ussatlyk sapaklary hem guralar.
“Türk dünýäsiniň ÝUNESKO-sy” diýlip atlandyrylýan TÜRKSOÝ halkara guramasy 1993-nji ýylda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyň medeniýet ministrleriniň ylalaşygy esasynda döredildi. Soňra synçy hökmünde, Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bolan -Tatarystan, Başkortostan, Altaý, Saha (Ýakutiýa), Tuwa, Hakasiýa, şeýle hem Moldowanyň çägindäki Gagauziýa Respublikalary goşuldy.
2023-nji ýylda TÜRKSOÝ halkara guramasy 30 ýyllygyny belleýär.
ORIENT news