Iň täze habarlar

Özbegistanda Azerbaýjanyň Şuşa şäheri suratlandyrylan poçta markasy çykaryldy

19.09.2023 | 19:17 |
 Özbegistanda Azerbaýjanyň Şuşa şäheri suratlandyrylan poçta markasy çykaryldy

Özbegistanda “Azerbaýjanyň gadymy Şuşa şäheri türk dünýäsiniň medeni paýtagtydyr” atly poçta markasy çap edildi. Özbegistandaky we Azerbaýjandaky muzeýlere, şeýle hem iki döwletiň we hökümetiniň wekillerine iberiler. Poçta markalaryny hödürlemek dabaralary Daşkende we Bakuwda geçiriler diýip, Geýdar Aliýew adyndaky Azerbaýjan medeni merkeziniň metbugat gullugy habar berýär.

Markada Şuşa galasy, Azerbaýjanyň baýdagy, Şuşanyň ajaýyp tebigaty - duman bilen örtülen ajaýyp daglar, dünýä belli şahyrlar, sazandalar, welaýata we şähere abraý we şöhrat getiren meşhurlar, milli saz gurallary. Garabagyň we Şuşanyň nyşany bolan “haribulbul” gülüniň resmi şekili suratlandyrylan.

Şuşa şäheriniň 2000 ýyldan gowrak taryhy bolup ol, Azerbaýjanyň nusgawy aýdym-saz we operasynyň doglan ýeri bolan sebitdäki medeniýet we bilim merkezidir we edebi däp-dessurlary bilen hem meşhurdyr. 2023-nji ýylda Şuşa türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

Özbek merkezi poçta bölümi markany içerki we halkara dolanyşyga girizmegi meýilleşdirýär.

ORIENT news

Foto: upl.uz

Şeýle hem okaň: