Aşgabat BMG-nyň azyk howpsuzlygy boýunça forumyny kabul etmäge taýýar
20.09.2023 | 00:12 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden çykyşynda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmagy teklip etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, «COVID-19» pandemiýasynyň beýleki amatsyz şertler bilen bir hatarda, hut azyk meselesi çözülmedik, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň gowşaklygyny ýüze çykarandygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, şoňa görä-de, döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende agzybirlik, tutanýerlilik we aýgytlylyk, şeýle hem syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütler, täze çemeleşmeler zerurdyr.
«Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä Azyk Maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär» – diýip, hormatly Prezidentimiziň aýdan sözlerine TDH salgylanýar.
Serdar Berdimuhamedow bu çäräni ylalaşylan möhletlerde Türkmenistanyň paýtagtynda geçirmek üçin şertleri döretmäge taýýardygymyzy mälim etdi.
ORIENT news