“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşiginiň III möwsümine gatnaşyjylar saýlanylýar
21.09.2023 | 10:11 |Türkmenistanyň Daary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilýän “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümine gatnaşyjylar saýlanylýar. Bäsleşigiň nobatdaky möwsümi “Magtymguly Pyragnyň öwrenilmegi – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şöhlelendirilmegi” ady bilen geçiriler.
Akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyjylar Balkan we Mary welaýatlarynda çarşenbe güni geçirildi. Bäsleşige Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan gatnaşmak isleýänleriň resminamalary şu gün – 21-nji sentýabrda her welaýatyň merkezi şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde kabul edilýär. Paýtagtymyzdan we Ahal welaýatyndan bu bäsleşige gatnaşmak isleýänler 22-nji sentýabrda Halkara gatnaşyklary institutynda çykyş edip bilerler.
“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigine 9,10 we 11 synp okuwçylary gatnaşyp bilýärler. Olar saýlama tapgyrda 100 sany test soragyna 60 minutda jogap bererler. Testler şu gezekki möwsümde Magtymguly Pyragy, XVII-XVIII asyr türkmen we dünýä taryhy, iňlis dili boýunça we zehin soraglary öz içine alar.
Bäsleşigiň netijeleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi web-saýtynda mälim ediler.
ORIENT news