Iň täze habarlar

Dünýäni gowulandyrjak ösüş ugurlary

08.09.2023 | 08:47 |
 Dünýäni gowulandyrjak ösüş ugurlary

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi dünýäniň özara baglanyşykly meseleleri barada durup geçdi. Bu meseleler dünýä döwletleri tarapyndan özara baglanyşyklylykda we umumylykda çözülmelidir. Hindi Hökümetiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şunda 2023-nji ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Uly 20-lige girýän ýurtlaryň orny uludyr.

Narendra Modiniň pikirine görä, ählumumy ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda şular görkezilýär:

Birinjiden, howanyň üýtgemegine garşy netijeli çemeleşmeleri üpjün etmek. Şunda energetikanyň arassa görnüşlerine geçmek, ummanlardaky ýaşaýşy goldamak üçin uzakmöhletleýin maksatnamalary kabul etmek ilkinji wezipeleriň hataryndadyr.

Ikinjiden, jemgyýetiň ähli gatlagyna bähbitli bolan netijeli tehnologiýalar bilen üpjün etmek. Premýer-ministr bu ýerde öz ýurdunyň tehnologik ösüşine we deňsizligi azaltmak babatda tejribesini mysal getirýär.

Üçünjiden, gender bölünmesini, şol sanda sanly bölünmäni aradan aýyrmak. Bu ýerde zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky ösüşe üns çekilmeli. Şundan ugur alyp, öňde boljak Uly 20-lige girýän döwletleriň sammitine zenan ýolbaşçylaryň gatnaşmagyna hem uly orun berler.

Narendra Modiniň bellemegine görä, Hindistan Uly 20-likde başlyklyk etmek bilen, bu meseleleriň çözülmeginde dürli pikirliligi aradan aýyrmaga we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalşar.

ORIENT news

Foto: aa.com.tr

Şeýle hem okaň: