Iň täze habarlar

Immigrant möjek nädip tutuş tokaý ekoulgamyny dikeltdi

27.08.2023 | 20:28 |
 Immigrant möjek nädip tutuş tokaý ekoulgamyny dikeltdi

Bu hekaýa, ýene bir gezek hemme zadyň tebigatda biri-birine baglydygyny, bu gatnaşyklaryň näderejede gowşakdygyny we şol bir wagtyň özünde berkdigini, ulgamyna azajyk täsir etmeginiň hem uly we garaşylmadyk netijelere sebäp bolup biljekdigini görkezýär.

1997-nji ýylda ýalňyz möjek Kanadany kenarýakasyndan 24 km uzaklykda, ABŞ-nyň Werhnýe kölünde, Miçigan kenarynda ýerleşýän uzakdaky Roýal adasy bilen gysga wagt birleşdiren buz köprüsinden geçdi.

Bu ilki görnüşde kiçijik ýaly bolup görünýän waka, kesel we tohumçylykdan ejir çekýän ýerli möjekleriň ýaýramagyny dikeldip, tutuş tokaý ekoulgamynyň saglygyny gowulaşdyrýan kaskad täsirlerine sebäp boldy diýip, Phys.org habar berýär. Bu gözleg Science Advances žurnalynda çap edildi.

Adanyň özi we oňa ýanaşyk 450 töweregi adalar Aýl-Roýal milli seýilgähini emele getirýär. Ilkinji möjekler ada 1940-njy ýyllaryň ahyrynda geldi we dünýäde «ýyrtyjy-gurban» ulgamyň iň uzyn gözlegini başlamagyna sebäp bolan sugunlar olaryň esasy oljasyna öwrüldi. Emma 1980-nji ýyllarda möjekler sanyny 50-den 12-e çenli azaldan it parwowirusynyň döremegi sebäpli olar kyn ýagdaýa düşdüler.

2.jpg

Kesel ahyrsoňy ýitip giden hem bolsa, köpelmeklok dikelmedi. Munuň sebäbi köpeliş üstünlikleriniň peselmegine, şeýle hem arassa tohumly itlerde köplenç görülýän oňurga deformasiýasy ýaly haýwanlaryň saglygynyň ýaramaz netijelerine sebäp bolan agyr tohumçylyk (ýakyn garyndaşlyk çaknyşdyrmasy) boldy.

«Eger siz ýabany möjek bolsaňyz we oljaňyzy, mysal üçin özüňizden sekiz esse ululykdaky suguny iýmeli bolsaňyz, onda bu ýabany tebigatda siziň ýaşaýşyňyzy kynlaşdyryp biler», — diýip Miçigan Tehnologiýa Uniwersitetiniň ekology Sara Hoý aýdýar.

Alymlar immigranta M93 diýip at berdiler. Ol adatdan daşary ulydy - garşydaşlaryndan gorananda ýa-da iki toýnaklylary ýok edende onuň artykmaçlygydy. Ol dessine adanyň üç möjek sürüsiniň biriniň öňbaşçysy boldy we ýaýramagyň genetiki saglygyny ep-esli gowulaşdyran 34 möjek çagasyny dünýä getirdi.

Sugunlar - günde 14 kilograma çenli ösümlik iýýän iýermen, ot iýiji haýwanlar. Möjekler olaryň sanyny azaltmak bilen tokaýy deňagramlylyga getirmäge kömek etdi. Esasanam ol balzam arçalarynda anyk bildirýar. Sugunlaryň azalmagy bilen agaçlar onýyllyklarda görünmeýän derejede depginli ösüp başlady. Tokaýyň ýagdaýyna bolsa, ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşiniň ömri baglydyr.

Şeýle-de bolsa, ýagdaý 10 ýyldan soň gaýdyp geldi. 2008-nji ýylda, M93 aradan çykandan iki ýyl soň, ýaýrama genofondynyň 60 göterimi bu möjekden miras galypdy. Şeýlelik bilen 2015-nji ýylda adada diňe iki möjek galypdy. Bagtymyza, 2018-nji ýylda başlanan dikeldiş maksatnamasy ýene ulgama deňagramlylyk getirdi we häzirki wagtda adada 30 töweregi möjek we müňden azyrak sugun ýaşaýar.

ORIENT news

Foto: Shutterstock

Şeýle hem okaň: