Iň täze habarlar

Astrahan welaýaty we Türkmenistan gastrolileri, festiwallary, medeni çalşyklary meýilleşdirýärler

24.08.2023 | 02:08 |
 Astrahan welaýaty we Türkmenistan gastrolileri, festiwallary, medeni çalşyklary meýilleşdirýärler

Çarşenbe güni Astrahan welaýatynyň Daşary gatnaşyklar müdirliginiň mejlisinde özara medeni gezelenç çärelerini guramak hem-de geljek 2024-nji ýylda Astrahan welaýatynyň we Türkmenistanyň sungat işgärleriniň möhüm medeni çärelere gatnaşmagy meýilnamalaryna garaldy.

Bu ýerde hormatly myhman hökmünde «Kaspi möwsümleri» halkara klassiki sungat festiwalyna gatnaşmak üçin Astrahana gelen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Bilbil Babaýewa bilen gepleşik geçirildi.

«Türkmenistan hökümetiniň «Kaspi möwsümleri» halkara festiwalyna ýurduňyzyň iň gowy sungat işgärlerini iberendigine begenýäris», -diýip Wladimir Golowkow belledi. – Türkmenistanyň kömegi bilen Astrahan welaýatynyň Funtowo obasynda Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň gurlandygy we Astrahan şäherinde bu beýik akyldaryň we şahyryň ýadygärliginiň dikilendigi elmydama biziň ýadymyzda».

Ministr myhmana Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek üçin Astrahan welaýatynda taýýarlyklaryň başlandygyny aýtdy. Tegelek stollar, konferensiýalar, döredijilik agşamlary, telemost we beýleki çäreler meýilleşdirilýär diýip, RF Astrahan welaýatynyň häkiminiň maglumatlar we maglumat gullygynyň müdirliginiň saýtynda habar berilýär.

«Indiki hepde Astrahana Magtymguly Pyragy barada filmiň surata düşürilmegine gatnaşmak üçin Aşgabatdan film topary geler», -diýip ministr belledi. – Biz onuň üçin Funtowo obasyna baryp görmegi we onuň öňki ýaşaýjylary bilen gürrüňdeşligi, şeýle hem V.N. Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde we başga-da birnäçe ýerlerde kino düşürmegi öz içine alýan uly maksatnama taýýarladyk. Geljekki filmi döredijilere iň gowy kömegi bermek üçin elimizden gelenini ederis».

Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapyna Astrahan welaýatynda geçirilýän halkara medeni çäreler – Çagalar we ýaşlar üçin halkara edebiýat festiwaly, Hazarýaka ýurtlarynyň kitaphana işinde ýaş hünärmenleriniň ýygnagy, «Altyn açar» ýaş ussatlaryň Hazarýaka telewideniýe festiwal-bäsleşigi we başgalar barada habar berildi.

ORIENT news

Foto: mid.astrobl.ru

Şeýle hem okaň: