Türkmen filmleri Täjigistanda geçiriljek halkara film festiwalynda görkeziler
02.09.2023 | 16:26 |15 - 19-njy oktýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede "Toji Somon" birinji halkara film festiwaly geçiriler. Täjik filmlerine bagyşlanyp, ýurduň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýardamy bilen guralýan festiwala häzirki wagtda görkeziljek filmler saýlanyp alynýar. Bu barada asiaplustj.info neşiri habar berýär.
Bellenişine görä, filmler 2 ugurda - oýun we gysga görnüşli filmler saýlanyp alnar. Häzirki wagtda Türkmenistandan, Belarusdan, Eýrandan, Wengriýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Gazagystandan, Russiýadan, Ermenistandan, Hindistandan we Hytaýdan 25 film festiwalda görkezmek üçin saýlanyp alyndy.
Festiwalyň maksady döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmekden, ýaş kinomatografiýaçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekden, film senagatynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, syýahatçylyk ýerlerini wagyz etmekden ybaratdyr. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan meşhur kinomatografiýaçylar hem gatnaşar. Film festiwalynyň çäklerinde bäsleşikler bilen bir hatarda, dürli döredijilik duşuşyklary geçiriler.
ORIENT news