Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmegindäki aýdym Magtymguly barada düşürilýän dokumental filmi bezär
01.09.2023 | 18:30 |Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçy Atageldi Garýagdyýew Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinde ýerine ýetiren aýdymy Magtymguly Pyragy hakynda surata düşürilýän täze dokumantal filmi bezär. Bu film häzirki wagtda "Türkmenfilm" birleşigi tarapyndan Astrahanda surata düşürilýär.
Şahyryň sözlerine döredilen aýdym Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde Astrahan şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda şekilli görnüşe geçirilýär. Opera aýdymçysy häzirki wagtda bu şäherde geçirilýän "Hazar möwsümi-2023" nusgawy aýdym-saz sungatynyň halkara festiwalyna hem gatnaşýar. Festiwalyň çäginde geçirilen "Türkmenistanyň gününde" ýurdumyzyň halk artisti birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdi. 22-nji awgustda badalga alan halkara festiwal 6-njy sentýabra çenli dowam edýär.
"Türkmenfilm" birleşiginiň döredijilik topary Russiýanyň bu sebitinde birnäçe ýerde bolup, dokumental film üçin materiallary toplaýarlar. Olar bu sebitiň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdepde hem surata düşürmek işlerini alyp bararlar.
Astrahan oblastynyň gubernatorynyň metbugat gullugynyň mälim etmegine görä, türkmen kinomatografiýaçylarynyň surata düşürjek esasy ýerleriniň biri sebitiň Funtowa obasy bolar. Bellenişine görä, Magtymguly Pyragynyň özi hem 18-nji asyryň 60 - 90-njy ýyllarynda bu sebitde bolup, bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň arasynda biraz ýaşapdyr. Dokumanetal filme şeýle hem halkara festiwaldan bölekler hem goşular.
Kinofestiwaldan soň, dokumental filmi taýýarlaýjylar Eýrana ýola düşer. Olar dostlukly goňşy döwletiň Magtymguly Pyragynyň neberelerini tapyp, dokumental film üçin material toplarlar. Olaryň taýýaralaýan bu filmini geljek ýylda - beýik şahyryň 300 ýyllygynyň bellenýän ýylynda tomaşa etmek bolar.
ORIENT news