Iň täze habarlar

Russiýanyň Kiçi teatry « Uly gastroliniň» çäginde Türkmenistanda sahnalar goýar

30.08.2023 | 01:35 |
 Russiýanyň Kiçi teatry « Uly gastroliniň» çäginde Türkmenistanda sahnalar goýar

Russiýanyň Döwlet akademiki Kiçi teatry «Uly gastroli» taslamasynyň çäginde sentýabr aýynda Türkmenistana geler. Rus artistleri türkmen köpçüligine iki - «Wişnýowyý sad» we «Ženitba» sahnalaryny hödürlär. Spektakllar 18-nji sentýabrdan 22-nji sentýabr aralygynda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda bolar.

Roskonsertiň metbugat gullugynyň habaryna görä, rus teatrlarynyň «Uly gastroli» sentýabr aýynda Türkmenistanda, şeýle hem Özbegistanda, Abhaziýada we Belarusda geçiriler.

«Bitewi gastroli ulgamyny döretmek pikiri, tutuş ýurt boýunça döredijilik toparlaryndan ajaýyp seslenme aldy. Bütin Russiýa gastroli-konsert meýilnamasynyň «Uly gastroli» we «Biz – Russiýa» programmalary ýylsaýyn has köp gatnaşyjy özüne çekýär», - diýip metbugat gullugynda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministri Olga Lýubimowanyň sözlerine salgylandylar.

Güýz sapary gezelenjinde Özbegistana gitjek S.W Obrazsow adyndaky Döwlet akademiki merkezi gurjak teatry, Abhaziýada «Ussahana» sahnasyny goýjak Sankt-Peterburg teatry bolar.

Belarusdaky tomaşaçylar «Baltika öýi» teatr-festiwalynyň, Marynyň E.Sapaýew adyndaky opera we balet teatrynyň hem-de Rostow döwlet sazçylyk teatrynyň çykyşlaryna tomaşa ederler.

ORIENT news

Foto: kiçi teatrynyň resmi web sahypasy

Şeýle hem okaň: