Täjigistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlyklygyny Gazagystana geçirer
31.08.2023 | 20:17 |Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) başlyklygyny Täjigistan Gazagystana geçirer. Gaznanyň geňeşi 14-nji sentýabrda meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň maslahat geňeşiniň çäginde Duşanbe şäherinde geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sodik Imomi aýtdy.
Ministriň orunbasary: "Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygynda geçiriljek sammitde, gazna başlyklyk etmek Gazagystanly hyzmatdaşlarymyza geçiriler" -diýdi. Gaznada başlyklyk etmekligiň dowamlylygy üç ýyl bolup, Täjigistan 2020-2023-nji ýyllarda AHHG-a ýolbaşçylyk etdi.
Sammitde Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň gaznanyň işi, Aral deňziniň basseýninde daşky gurşawy goramak, suw we energiýa baýlyklaryny dolandyrmakda sebitleýin hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada pikir alşylmagyna garaşylýar.
Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasy 1993-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary tarapyndan ekologiýa krizisini ýeňip geçmek we çözmek we Aral deňziniň basseýnindäki sosial-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak üçin döredildi. Bu ýyl AHHG-nyň döredilenine 30 ýyl dolýar.
ORIENT news