Türkmenistanyň kinematografçylary Şuşada geçiriljek "Korkut Ata - 2023" kino festiwalynyň emin agzalarynyň hatarynda bolarlar
31.08.2023 | 19:58 |Oguz Han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň kino režissiýorlary “Korkut ata - 2023” türk dünýäsiniň kino festiwalynyň emin agzalaryna goşulmak we bu film forumyna gatnaşmak üçin çakylyk aldylar.
Bu ýylky film çäresi oktýabr aýynda geçiriler we 2023-nji ýylda türk dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Azerbaýjanyň Şuşa şäheri abraýly bäsleşigiň geçiriljek ýeri bolar.
2022-nji ýylda Türkiýäniň Bursa şäherinde “Korkut Ata” kino festiwaly geçirildi. “Türkmenfilm” birleşiginiň üç režissiýory öz filmlerini Türkiýäniň ýaryş meýdançasynda hödürledi. Olaryň eserleri "Türk medeniýetine goşan goşandy üçin" baýragy bilen sylaglandy.
ORIENT news