Iň täze habarlar

Dramaturglaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

31.08.2023 | 09:11 |
 Dramaturglaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi dramaturglaryň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi. “Türkmenistan” gazetinde mälim edilişine görä, bäsleşik mertligi, gahrymançylygy, watansöýüjiligi wasp etmek, şeýle hem milli teatr işini ösdürmek maksady bilen guralýar.

Döredijilik bäsleşigi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde guralýar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň eserleri dramaturgiýanyň şu žanrlarynyň birine degişli bolmaly: drama, sazly komediýa, sazly drama, gurjak teatry we opera üçin powest.

Eserler 31-nji dekabra çenli kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar öz eserlerini 3 nusgada şahsyýeti baradaky maglumatlary bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň degişli bölümine ugratmaly.

Tabşyrylýan eserler “Times New Roman” şriftinde 16-lyk ölçegde ýazylmalydyr. Bäsleşige hödürlenýän eserleriň möçberine çäklendirme ýok. Bäsleşigiň ýeňijilerine pul baýraklary garaşýar.

ORIENT news

Foto: moderntas.com.tr

Şeýle hem okaň: