Iň täze habarlar

Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigi sebitiň halklarynyň saz sungatyny ýaýbaňlandyrar

25.08.2023 | 02:35 |
 Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigi sebitiň halklarynyň saz sungatyny ýaýbaňlandyrar

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň kompozitor jemgyýetleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklajak Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigini 2024-nji ýylda döretmek karar edildi. Bu karar şu günler Astrahanda "Hazar möwsümleri - 2023" atly nusgawy sungat festiwalynyň çäginde geçirilýän Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlarynyň ilkinji halkara forumyna gatnaşyjylar tarapyndan kabul edildi. Bu barada Hazarýaka döwletleriň simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we režissýory Mihail Golikow TASS-a beren interwýusynda aýtdy.

“Astrahanda nusgawy sungat festiwallaryny geçirmek tejribesi Hazarýaka döwletleriň orkestri üçin maksatnama eserlerini seljerenimizde, hazarýaka ýurtlaryň kompozitor mekdepleri hakda hiç zat bilmeýändigimizi görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, nusgawy sazdan başga-da, täze we häzirki zaman sazlaryny olaryň şu günki tomaşaçylaryň arasynda meşhur bolmagy üçin ýerine ýetirmelidigimiz belli boldy. Häzir biz foruma gatnaşyjylar bilen hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyklar hakynda jarnama gol çekdik, ol hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlar birleşigini döretmek üçin resminamanyň kanuny görnüşinine taýýarlykdyr. Bu bize yzygiderli we has netijeli işlemäge we ýerli kompozitor jemgyýetleri bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer” – diýip, Golikow aýtdy.

Sazanda häzirki wagtda döwletara guramanyň döredilmeginiň jikme-jiklikleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belledi. Mundan başga-da, kompozitorlar forumynyň wekilleri her ýyl geçirilmegini göz öňünde tutup, hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlaryň arasynda bäsleşik geçirmegi telikp etdiler. Onuň eminler düzümine ähli gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet işgärleri, saz öwrenijiler, ýerine ýetirijiler we hünärmen tankytçylar girer.

“Kompozitor bäsleşiginiň ýeňijisi 2024-nji ýylda, indiki “Hazar möwsümleri” halkara festiwalynyň gala konsertinde yglan ediler, ýeňiş gazanan awtoryň eseri Hazarýaka ýurtlaryň orkestri tarapyndan ýerine ýetiriler. Astrahan filarmoniýasynda ýaryşyň ýeňijileri üçin konsert guralar. Kompozitorlar forumynyň we täze esaslandyryljak Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlar birleşiginiň dürli ýerlerde bilelikdäki konsertler, forumlar we döredijilik duşuşyklary arkaly kompozitor jemgyýetlerimizi hakykatdanam birleşdirjekdigine ynanýaryn” – diýip, Golikow sözüniň üstüni ýetirdi.

“Hazar möwsümleri - 2023” Halkara nusgawy sungat festiwalynyň 22-nji awgustda Astrahanda badalga alandygyny ýatlatmak isleýäris. 25-nji awgustdan 28-nji awgust aralygynda Astrahan filarmoniýasynda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň günleri geçiriler. Hazarýaka ýurtlaryň 70-e golaý sazandasyny öz içine alýan Hazarýaka döwletleriň simfoniki orkestri "Hazar möwsümleri" çäreleriniň aglaba köpüsine işjeň gatnaşar.

ORIENT news

Foto: Delarte Magazine

Şeýle hem okaň: