Iň täze habarlar

Türkmenabatda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy

21.08.2023 | 21:59 |
 Türkmenabatda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy

Duşenbe güni Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň Sergi zalynda zehinli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy. Sergi 15- nji awgustdan 21-nji awgust aralygynda Türkmenabat şäherinde geçirilen döredijilik forumynda ussat nakgaşlaryň döreden täze eserleri bilen bezeldi.

Bu ýere ýurduň ähli welaýatlaryndan iň gowy suratkeşler ýygnandy. Hepdäniň dowamynda olaryň her biri portret we natýurmort žanrlarynda dört sany eser döretdi. Suratkeşler öz eserlerinde türkmen topragynyň milli gymmatlyklaryny, gözelligini, adamlaryň baý we syrly içki dünýäsini görkezmäge synanyşdylar.

Sergi zaly forumyň döredijilik platformasyna öwrüldi. Bu ýerde Aşgabat, Ahal, Mary we Lebap welaýatlaryndan 15 suratkeş işledi. Olar Türkmenabat sergisinde tomaşaçylar köpçüligine gaýtalanmaz özboluşly eserlerini hödürlediler.

ORIENT news

Foto: orient arhiwden

Şeýle hem okaň: