Iň täze habarlar

Türkmen alymlary lagym suwlaryny arassalamagyň biologik usulyny synagdan geçirýärler

25.08.2023 | 11:26 |
 Türkmen alymlary lagym suwlaryny arassalamagyň biologik usulyny synagdan geçirýärler

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutunyň “Gaýtdan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri mikroorganizmleriň kömegi bilen biologik usulda lagym suwlaryny arassalamak boýunça ylmy-barlag işine girişdiler.

Türkmen alymarynyň maksady himiki serişdeleri ulanmazdan daşky gurşawa zyýansyz biologik usulda lagym suwlaryny arassalamakdan we gaýtdan ulanmakdan ybaratdyr. Bu usulda arassalamak mikroorganizmleriň kömegi bilen amala aşyrylýar diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Biologik usul uglerodyň çeşmesi bolan lagym suwlaryndaky ýokumly substrat organiki maddalary (kislotalar, spirtler, beloklar, uglewodlar we ş.m.) ulanmak ukybyna esaslanýar. Mikroorganizmler lagym suwlardan iýmitlenende, olaryň biomassasy ýokarlanýar. Bu usul bir wagtyň özünde bolup geçse-de, şertli ýagdaýda iki tapgyra bölünýär. Ol mikroorganizmleriň bedeniniň üstündäki lagym suwlardan sorulyp alnan organiki we organiki däl maddalaryň dargadylmagy hem-de şol dargama önümleriniň mikrosuwotular tarapyndan özleşdirilmegidir.

Ylmy barlaglaryň maksady “hlorella wulgaris” görnüşli mikrosuwotunyň lagym suwlarda ýaşaýyş ukyplylygyny öwrenmekden ybarat bolup, munuň üçin mikroorganizmleriň biomassany toplaýşy, onuň adaty ulanylýan iýmit gurşawy bilen çalşylmagy boýunça synaglar geçirilýär.

Lagym suwlaryny biologik usulda arassalamgyň tehnologiýasyny bioenergetikanyň meselelerini çözmek üçin mikrosuwotularyň biomassasyny öndürmek bilen utgaşdyryp, birbada iki bähbit gazanylýar.

ORIENT news

Foto: beaplanet.ru

Şeýle hem okaň: