Leningrad oblastynda "ganly dişler" diýlip atlandyrylýan adaty bolmadyk kömelek tapyldy
20.08.2023 | 23:33 |Russiýanyň Leningrad oblastynyň Nižne-Svirskiý döwlet goraghanasynda tebigatda seýrek duş gelýän adaty bolmadyk kömelekler tapyldy. Olaryň biri – gana çalymdaş gyzyl suwuklygy bölüp çykarýan “ganly diş” ýa-da Pekiň Gidnellumydyr.
Bu kömelek mohlaryň arasynda agaçlaryň aşagynda ösýär we onuň "ganly kömelek", "ganly diş" ýa-da "gaýmakly ýertudana" ýaly dürli lakamlary bar. Nižne-Swirskiý döwlet goraghanasynyň çäginde "sessiz aw" bilen meşgullanýan kömelek ýygnaýjylaryň pikiriçe, Gidnellum Peka tokaýda seýrek duş gelýän kömelekdir.
Bu kömelekleriň aýratynlygy olaryň iýmit üçin ýaramsyz bolan ajy tagamyndadyr. Olaryň ajaýyp üýtgeşik görnüşi "Ganly dişler" we ş.m. atlaryň döremegine sebäp boldy. Kömelekleriň telpejiginde gan damjalaryna örän meňzeş tegmiller emele gelýär. Onuň öz reňki ak.
Seýrek duş gelýän kömelekleriň ýene bir görnüşi baldakda ýüzügi bolan sarymtyl telpejikli solak Rozitesdir.
Bu kömelek iýmit üçin ýaramlydyr, duza ýatyrmak ýa-da gowurmak bolýar. Bu komelek ýaprakly agaçlar bilen mikorizany emele getirýär we çygly, turşy topraklary gowy görýär.
ORIENT news