Zyýankeşleri ýok ediji mör-möjekleri ýetişdirýän biolaboratoriýalaryň sany köpeldiler
23.08.2023 | 09:14 |Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerleşýän 252 sany biologik önümçilik laboratoriýalary gowaçany zyýankeşlerden goraýan mör-möjekleri ösdürip ýetişdirmek işini işjeň alyp barýarlar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Demirgazyk sebitiň 122 sany biologik laboratoriýalary trihogram, gabrobrakon we altyngözlüje atly peýdaly mör-möjekleri ösdürip ýetişdirýärler. Şolaryň 12 sany döwrebap laboratoriýalarynda Köneürgenç, Şabat we S.Türkmenbaşy etraplaryndaky gowaça meýdanlaryny zyýankeşlerden goramak üçin peýdaly mör-möjekleri ösdürmek boýunça gyzgalaňly işler alnyp barylýar.
Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barylýan döwründe 1 gektar gowaça meýdanyna 300 sany altyngözlüje, 1 gram trihogram we 1 müň töweregi hem gabrobrakon goýberilýär. Gündogar sebitiň 130 sany biolaborotoriýalarynda şu görnüşli peýdaly mör-möjekler ösdürilip, gowaça meýdanlaryna goýberilýär. Bellenişine görä, ekin meýdanlaryny şu görnüşdäki usul bilen goramak beýleki usullardan has peýdaly we netijeli bolýar.
Trihogram we gabrobrakon ýaly peýdaly mör-möjekler dünýä oba hojalyk ulgamynda giňden ulanylyp, olar zyýankeşleri we olaryň taşlaýan ýumurtgalaryny iýip ýok edýärler. Altyngözlüje ýitmek howpy abanýan peýdaly mör-möjek bolup, ol ösümlikleri şirejelerden goraýar.
ORIENT news