ABŞ-da howadan CO2-ni alyp, beton önümçiligi üçin ammarlara ugradarlar
16.08.2023 | 21:22 |ABŞ-nyň Energetika ministrligi howany kömürturşy gazdan arassalamak üçin howany göni tutma (direct air capture, DAC) taslamalaryny giňeltmäge 1,2 milliard dollar bölüp berer - diýip, Reuters agentligi habar berýär.
Uglerod dioksidiniň süzgüç merkezleri “Oxy” we “Climeworks” kompaniýalary tarapyndan işe giriziler. Olaryň sözlerine görä, atmosferadaky kömürturşy gazy aýyrma tehnologiýasynyň bahasyny düşürip biljek täzeçillikler işlenip düzüldi. Meýilnamalar onýyllygyň ahyryna çenli kömürturşy gazynyň her tonnasy üçin 100 dollardan pes derejä ýetmekdir. “Climeworks” taslamany 2025-2026-njy ýyllarda başlamaga bil baglaýar.
ABŞ-nyň Energetika ministri Jennifer Granholm uglerody almak tehnologiýasy hökümetiň 2050-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny nola çenli azaltmak maksadyna ýetmegine kömek eder – diýip, hasaplaýar. BMG-niň alymlary Howa boýunça Pariž şertnamasynyň global ýylylygyň 1,5 gradusa çenli çäklendirilmegini üpjün etmek üçin her ýyl Ýer atmosferasyndan milliardlarça tonna CO2 çykarylmalydygyny hasapladylar.
Kompaniýada taslama doly ulanylmaga berlenden soň, atmosferadan ýylda 30 million tonna CO2 kuwwatyna ýetjekdigini belleýärler. Süzülen kömürturşy gazy beton we awiasiýa ýangyjyny öndürmekde ulanmak üçin ýerasty ammarlarda saklanar.
ORIENT news