Türkmenistanda böwürslen ýetişip başlady
03.08.2023 | 13:19 |Ýurdumyzda böwürsleniň köpçülikleýin ýetişýän döwri başlandy. Bu ösümlik maý aýynda güllemäge başlaýar we şu pursatdan başlap tä ýetişýänçä reňkini üýtgedip durýar. Ýurdumyzda bu ir-iýmiş dag çeşmeleriniň we beýleki suw howdanlarynyň bar ýerine giňden ýaýrandyr diýip «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ýylyň şu döwründe böwürsleniň köpçülikleýin ösýän ýerlerine Köpetdagyň, Köýtendagyň hem-de Sünt-Hasardagyň dag eteklerinde duşmak bolýar. Böwürsleniň sil akymyndan soňra galyň palçygyň astyndan ösüp çykyp bilýändigini nazara alsak, onda ony türkmen ösümlik dünýäsiniň daşky gurşaw şertlere iň çalt uýgunlaşyp bilýän wekilleriniň biri diýip aýtsak bolar.
Häzirki wagtda böwürsleniň hasylyny ýygnamak möwsümi başlady. Böwürslen efir ýaglaryna, uglewodlara, organiki turşulyklara, saponinlere, alkoloýidlere, C witaminine we eýleýji maddalara baýdyr. Bu ir-iýmişden mürrepbe, şire, şerbet, jem we ş.m taýýarlanylýar.
Böwürsleniň gülgüne reňkli miweleri, ýagny has turşulary dürli içgiler taýýarlamak üçin, gara reňklileri bolsa - has süýjileri konserwirlemek üçin amatlydyr.
ORIENT news