Iň täze habarlar

Türkmenistan Azerbaýjan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady ylalaşygyny tassyklady

08.06.2023 | 12:54 |
 Türkmenistan Azerbaýjan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady ylalaşygyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy tassyklaýan kanuna gol çekdi. Kanunyň teksti şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi.

Resminama Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçen üç taraplaýyn sammitiniň barşynda teklip edilipdi. Ol üç dostlukly ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini göz öňünde tutýar.

Ozal ýurduň Mejlisiniň kanunyň taslamasynyň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses berendigi habar berlipdi .

Üç taraplaýyn ylalaşyk dürli ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin wajyp ähmiýete eýedir we ýurtlaryň özara gatnaşygy giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn islegini beýan edýär.

ORIENT habarlar

Foto: aa.com.tr

Şeýle hem okaň: