Türkmenistanda senagatda ulanmak üçin dermanlyk ösümlikleriň mümkinçiliklerini barlarlar
07.06.2023 | 11:25 |Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alymlary tarapyndan ýurduň dermanlyk ösümliklerini senagatda ulanmak babatynda barlaglaryň alnyp barylmagynyň we bu ugurda degişli halkara tender-bäsleşikleriniň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny beýan etdi.
Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň baştutany bu temany Arkadag şäherini ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatynyň barşynda galdyrdy, onuň ikinji tapgyrynyň gurluşygy esasan ýerli senagat kuwwatlyklaryny ösdürmäge gönükdiriler – diýip, TDH habar berýär.
Döwrebap önümçilikleri gurmak boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmekde ikinji tapgyra uly umyt bildirilýär, şol önümçilikler diňe bir içerki bazaryň däl, eýsem daşary ýurt bazarlarynyň hem islegini kanagatlandyrar. Şeýle hem iş maslahatynda döwrebap lukmançylyk edaralarynyň döredilmegi hakynda hem aýdyldy.
Lukmançylyk temasyna degip geçmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini galdyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde senagat infrastrukturasyny döretmek boýunça halkara tenderiniň yglan edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
ORIENT habarlar