Iň täze habarlar

Türkmenistan bilen Özbegistan ýük daşamanyň elektron hasaba alnyşyna geçdi

05.06.2023 | 01:17 |
 Türkmenistan bilen Özbegistan ýük daşamanyň elektron hasaba alnyşyna geçdi

Özbegistan bilen Türkmenistan TIR karnet kitaplary esasynda halkara ýol ýük gatnawlarynyň elektron hasaba alnyşyna geçdiler – diýip, Newshub.uz Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.

Iki ýurduň arasynda sanly ulag maksatnamasy boýunça ilkinji halkara ýük gatnawlary eýýäm başlandy. Ulgam gümrük serhedinden ýük daşamada resminama işlerini takyk we gysga moöhletde amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

TIR ulgamynyň elektron görnüşi ozal Gazagystanda, Täjigistanda we Gyrgyzystanda girizildi. Türkmenistanyň bu ulgama goşulmagy Merkezi Aziýa ýurtlary üçin halkara ýük gatnawlarynda kagyzsyz düzgüni ulanmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýükleriň iki ýurduň serhedinden geçmegi TIR ulgamy arkaly kadalaşdyrylar, bu ulgam Halkara ýük daşama baradaky gümrük konwensiýasy esasynda işleýär. Ol gümrük taýdan resmileşdirmek prosedurasyny ep-esli ýönekeýleşdirmäge we çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Foto: mintrans.uz

Şeýle hem okaň: