Türkmen kompaniýalary TDHÇB-nyň üsti bilen dokma önümleriniň iberilmegini artdyrýarlar
06.06.2023 | 16:47 |Türkmenistanyň hususy dokma kompaniýalary Beýik Britaniýadan, Hytaýdan, BAE-den, Türkiýeden, Gyrgyzystandan we Azerbaýjandan bolan satyn alyjylar bilen barha köp geleşikleri baglaşyp, ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen eksporty artdyrýarlar.
Eksport edijileriň hatarynda «Haýyrly Senagat», «Röwşen», «Sabyrly Egem», «Döwranly döwlet», «Mäkäm ulag» hususy kärhanalary, «Saglyk» hojalyk jemgyýeti, şeýle hem käbir beýleki hususy telekeçiler bar.
25-nji maýdan 5-nji iýuna çenli döwürde türkmen hususy kompaniýalary TDHÇB-nyň üsti bilen daşary ýurtly satyn alyjylar bilen $7,5 mln amerikan dollaryna deň bolan dokma önümlerini eksport etmek barada geleşik baglaşdylar.
Daşary ýurtly satyn alyjylaryň gyzyklanma bildiren harytlarynyň arasynda — jins balaklar, matalaryň dürli görnüşleri, nah ýüplügi, tüýjümek polotenseler, el süpürgiçler, suwa düşünilýän örtgüler, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, ýorganlar bar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy sanlylaşdyrmak arkaly öz işini üznüksiz kämilleşdirýär. TDHÇB-nyň saýtynda satuwa hödürlenen harytlar bilen tanşyp we daşary ýurtdan satyn alyjylaryň ünsüni çekmek üçin bildirişleri ýerleşdirip bolýar. Şeýle hem biržada resminamalary tabşyrmagy we geleşikleri yzarlamagy hem onlaýn görnüşde ýerine ýetirmek mümkin boldy.
ORIENT habarlar