Aşgabatdaky «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda 10 sany täze dokuz gatly jaý gurýarlar
02.06.2023 | 12:15 |Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Parahat–7» ýaşaýyş toplumynda 10 sany täze 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Jemi 64 öýli 2 ýaşaýyş jaýy, 48 öýli 4 ýaşaýyş jaýy we şonça-da 32 öýli ýaşaýyş jaýy gurlar. Jemi 448 öý peýda bolar.
Olar Aşgabat şäher häkimliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Döwlet neşirýat gullugynyň, Goranmak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Söwda ministrliginiň, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Türkmenistanyň DIM-niň buýurmasynyň esasynda ulanylmaga berler.
«Parahat – 7» şäheriň günorta-gündogarynda ýerleşýän paýtagtyň iri ýaşaýyş toplumlarynyň biridir.
ORIENT habarlar