FoundHER maksatnamasy zenan-startaplary täze jemgyýete çagyrýar
25.05.2023 | 15:30 |USAID-iň telekeçiligi we işewürlik-gurşawy ösdürmek taslamasy bilen hyzmatdaşlykda Plug and Play innowasion platformada Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan bolan gatnaşyjylar üçin FoundHER maksatnamasyna badalga berildi.
Maksatnama zenan-esaslandyryjy startaplaryň jemgyýetini döretmäge çagyrýar, ol ýerde olar öz pudagynda üstünlik gazanmak üçin gerekli serişdeleri we gurallary alarlar. Ahyrky maksat – işewürlik-gurşawda genderleriň arasyndaky aratapawudy azaltmaga we has inklýuziw we dürli-dürli startap-ekoulgamyny döretmäge kömek etmekdir.
Maksatnamanyň üsti bilen zenan-esaslandyryjylar halypalyk etmäge, torlar boýunça özara gatnaşyk etmek mümkinçiliklerine, maliýeleşdirmä we başga-da köp zatlara elýeterlilik alarlar.
«Bu serişdeleri bermek arkaly biz zenan-telekeçilere olaryň duçar bolýan ajaýyp meselelerini çözmäge we özleriniň innowasion pikirlerini durmuşa geçirmäge kömek edip bileris» - diýlip, maksatnama gatnaşmak üçin resmi çakylykda aýdylýar.
Şu salgylanma boýunça iň azyndan bir zenan-esaslandyryjysy bolan startaplar ýüz tutup bilerler. Kabul edişlik 10-njy iýuna çenli açykdyr.
FoundHER Plug and Play-däki DRIVE başlangyjynyň bir bölegidir (Diversity, Respect, Inclusion, Visibility, and Equity). Bu jemgyýet özüniň maýa goýumçylarynyň, halypalarynyň, korporasiýalarynyň we telekeçileriniň bütindünýä tory bilen aragatnaşygy üpjün etmek arkaly zenan telekeçiligini höweslendirmäge ymtylýar.
ORIENT habarlar