Türkmenistan we Gyrgyzystan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
23.05.2023 | 10:25 |Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerini, hususan-da — iki döwletiň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny, şeýle hem Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Azizbek Madmarow iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyny belläp, harytlaryň nomenklaturasynyň giňeldilmeginiň we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň formatynyň giňeldilmeginiň, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň işjeňleşdirilmeginiň, şeýle hem onuň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen bir wagtda, söhbetdeş ýakyn wagtda Gyrgyzystanyň dürli pudaklardaky telekeçileriniň Türkmenistana boljak işewürlik saparyna ünsi çekmek bilen, ol bu möhüm çärä taýýarlyk görmek boýunça bilelikdäki işleri işjeň geçirmegi teklip etdi.
Öz gezeginde, Döwletgeldi Rejepow bilelikdäki işleri işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi, şeýle hem meýilleşdirilýän işewürlik saparynyň çäklerinde GR-nyň we Türkmenistanyň işewürler toparlarynyň duşuşygyny geçirmäge gerekli goldawy bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Taraplar söwda-ykdysady babatda özara hyzmatdaşlygy öňe sürmäge niýetlerini tassyklap, kadaly gatnaşyklary saklamaga taýýardyklaryny beýan etdiler – diýip, Gyrgyzystanyň DIM habar berýär.
ORIENT habarlar