Iň täze habarlar

Rahatlyk, diňe rahatlyk: Aşgabatda ilkinji Welnes güni nähili geçdi

22.05.2023 | 19:46 |
 Rahatlyk, diňe rahatlyk: Aşgabatda ilkinji Welnes güni nähili geçdi

21-nji maý, ýekşenbe. Jöwzaly tomsuň öňüsyrasyndaky adaty bahar güni. Şeýle-de bolsa, bu adaty bir gün bolmady, bu gün türkmen paýtagtynda ilkinji Welnes güni bellenildi. Adaty bolmadyk çäräni Aşgabat halkara mekdebiniň ene-atalar toparynyň agzalary mekdebiň ýokary synp okuwçylary we meýletinçiler bilen bilelikde gurady.

фото 1.jpg

фото 2.jpg

Bilim ojagynyň girelgesinde myhmanlary dürli harytlardan doly stollar garşy aldy, ol ýerde sport enjamlary, sagdyn iýmit, eko-kosmetika, şemler, psihologiýa boýunça edebiýatlar - umuman alanyňda, saglyk bilen baglanyşykly harytlaryň dürli görnüşleri çärä gatnaşýanlaryň dykgatyna hödürlendi. Şeýle hem, bu ýerde myhmanlaryň biraz ýazylmak, arassa howadan lezzet almak ýa-da dostlary bilen ýaryşmak üçin kärendesine welosiped almagyna-da mümkinçilik döredilipdir.

фото 3.jpg

Hindistanyň ilçisi Widhu Pithambaran Nair mekdebiň sport zalynda giriş sözi bilen çykyş edip, adamyň tebigat bilen bitewiliginiň hindi pelsepesi, olaryň sazlaşyklylygy we ýoganyň kömegi bilen aňyň arassalanmagy barada gürrüň berdi.

фото 4.jpg

Çäräniň dowamy hökmünde myhmanlar ýörite çagyrylan durmuş tälimçisi ýa-da ýönekeýleşdirip aýdanyňda hünär geňeşçisi bilen gurnalan sessiýa gatnaşdylar. Kouçing - psihoterapiýa we tälimçilik elementlerini özünde jemleýän psihologiki maslahat bermäniň bir görnüşidir.

фото 5.jpg

Soňra myhmanlar 3D fitnes bilen birbada dört görnüşli ýoganyň (nusgawy, hatha, flaý we kundalini) haýsam bolsa birini saýlamaly boldular. Olaryň biri-birinden tapawudy nämede?

Nusgawy ýoga barada hemme zat düşnükli bolsa gerek. Flaý ýoga ýörite gurnalan asma gamaklar ulanylýan ýoga görnüşi, ýagny sözüň doly manysynda – howada. Kundalini we hatha 5-6-njy asyrlarda ýüze çykan hem bolsa, häzirki döwürde ýoganyň iň meşhur ugurlarynyň biridir. Hatha ýoga beýnini rahatlandyrmak üçin fiziki maşklary we psihologiki usullary birleşdirýän ulgamdyr. Kundalinide ösüşiň fiziki tarapyna däl-de, akyl tarapyna, has takygy, ruhy energiýany aşaky çakradan ýokaryk galdyrmaga has köp üns berilýär.

фото 6.jpg

– Biz köpler üçin fitnesiň ýa-da ýoganyň haýsam bolsa birini 20 minutlap özünde synap görmek gyzykly bolar diýip pikir etdik. Şonda häme bilen meşgullanmak isleýändigiňi kesgitlemek ýeňil düşýär. Türkmenistan çalt depginde ösýän ýurt we halkymyz saglyga has köp üns berýär: adamlar köpräk pyýada ýöremäge üns berýärler, köpçülikleýin welosiped ýörişlerine, saglyk günlerine we beýleki sport çärelerine höwesjeň gatnaşýarlar – diýip, Welnes gününi guraýjylaryň biri Aýgül Dawliýewa gürrüň berýär.

– Biz täze pikirleri öňe sürmekden hoşal. Bu çäräni guramagymyzyň esasy sebäbi soňky döwürde adamlar juda howsalaly ýaly görünýär. Aladalar dürli-dürli sebäplere görä - tebigy betbagtçylyklar, pandemiýanyň netijeleri, işdäki dartgynlylyk sebäpli ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, biz adamlara rahatlanmaga, ruhy taýdan parahat bolmagyň täze endiklerini we usullaryny öwrenmäge mümkinçilik döretmek isledik – diýip, Aýgül sözüni dowam edýär. - Sene hem tötänleýin saýlanmady: edil bir aýdan, ýagny 21-nji iýunda bütin dünýä Halkara ýoga gününi bellär, şu günki çäre iň gadymy ruhy tejribelikleriň biriniň hormatyna guraldy.

фото 7.jpg

Gowy ýazgynlyk beren fiziki dynç alyşdan soň, myhmanlara neýrografika boýunça gysgajyk leksiýa hödürlendi. Çykyş eden Bägül Atamyradowa ýygnananlara on ýyl mundan ozal ýüze çykan psihologiýanyň has täze ugry barada gürrüň berdi. Adyndan belli bolşy ýaly, neýrografika pikirlenmegi guramagyň, şeýle hem adamyň ýagdaýyny we meselä bolan garaýşyny sözsiz, diňe bu hakda oýlanyp, onuň suratyny çekme arkaly üýtgetmegiň grafiki usulydyr.

фото 8.jpg

Adamyň pikirleniş ukyby baradaky mowzuk ähmiýetli tejribesi bolan psiholog myhman Maýa Esenowa tarapyndan dowam etdirildi. Onuň çykyşy ruhy saglyk meselelerine bagyşlandy: "Biziň duýgularymyzyň bagty duýmagymyza edýän täsiri, özümizi has gowy duýmak üçin biz näme edip bileris we bu babatda gormonlarymyzyň tutýan orny". Myhmanlaryň köpüsiniň ýörite çagyrylan psiholog bilen ýüzbe-ýüz gürleşip, maslahat soramagy hem hünärmeniň çykyşynyň olaryň göwnünden turandygyny alamatlandyrýar.

фото 9.jpg

Psihologiýa barada söhbetden soň, myhmanlar ýene rahat dynç alyş usullaryny amal etmäge girişdiler: hatha ýoga, kikboks, zumba we meditasiýa. Çäreden gaýdanlarynda, her kim özi bilen täze bilimden, tejribeden, kimdir biri satuwa çykarylan harytlardan ýüküni tutdy, ýöne iň esasysy, hemmelere hakykatdan-da ýazylyp, ruhy dartgynlygyndan dynmak başartdy. Şol günüň soňy, şäheri hut rahatlyk bilen gurşamaga çalyşýan deýin, salkynlyk eçilen bahar ýagşyna ýazdy.

фото 10.jpg

Saparguly MAHTUMOW

Foto: awtor

Şeýle hem okaň: