Iň täze habarlar

HHR-MA-nyň Işewürler geňeşiniň döredilmegi söwda we senagatyň güýçlenmegini habar berýär

20.05.2023 | 23:41 |
 HHR-MA-nyň Işewürler geňeşiniň döredilmegi söwda we senagatyň güýçlenmegini habar berýär

Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň resmileri we işewür adamlary iki tarapyň arasyndaky senagat we söwda hyzmatdaşlygynyň geljegine umyt baglaýarlar. Olaryň pikrine görä, anna güni Sianda HHR-MA Işewürler geňeşiniň döredilmegi söwda, oba hojalygy, energetika we beýleki ugurlarda has peýdaly netijeleri görkezjekdigini duýdurýar.

Geňeşiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Hytaýyň wise-premýeri He Lifen Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň giňeldilen işewürlik geňeşiniň we ösýän dostlugyň, ýyllaryň dowamynda çuňňur strategiki özara ynamyň nyşanyna öwrülen halkara gatnaşyklarynyň täze görnüşiniň nusgasyny görkezýändigini aýtdy.

«Hytaý-Merkezi Aziýa mehanizminiň çäginde işewür gepleşikler üçin ýöriteleşdirilen platforma bolup hyzmat eden Işewürlik geňeşi, sebitde senagat we söwda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin ýol açar we institusional kepillik berer», -diýip ol aýtdy we telekeçilik ruhyny goldamaga we batyrgaý taslamalary girizmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň HHR-däki söwda wekili Şöhrat Batyrow, senagat birleşikleriniň we kärhanalarynyň dialogy güýçlendirmek we päsgelçiliksiz söwdany üpjün etmek üçin maksatly çäreleri kabul etmekde täze işewürlik geňeşini ulanyp biljekdiklerini aýtdy. «Elbetde ol, (işewürlik geňeşi) ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine hem-de bu ugurdaky derwaýys meseleleriň çözülmegine täze itergi berer», -diýip söwda wekili belledi.

Hytaýyň Söwda ministrliginiň maglumatyna görä, Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdynyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanşygy 2022-nji ýylda rekord derejede 70,2 milliard dollara ýetip, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 40 göterim ýokarlandy.

ORIENT news

Foto: Xinhua

Şeýle hem okaň: