Karl III täç geýdirilmegi barada gyzykly faktlar
06.05.2023 | 13:32 |Karl III täç geýdirilmegi — 2023-nji ýylyň iň köp garaşylýan wakalaryň biri — 6-njy maýda bolar. Ozal belli bolşy ýaly, dabara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşar , bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda belli waka bolar we olara täze itergi berer.
Giň köpçülik tarapyndan köp üns berilmedik täze monarhyň şahsyýeti indi hiç wagt görülmedik gyzyklanma döretdi. ORIENT täze iňlis patyşasyna täç geýdirilmegi barada gyzykly faktlary hödürleýär.
Näme üçin Çarlz däl-de Karl?
Şa zenanyň – ejesiniň ölüminden soň, şol bada Beýik Britaniýanyň HG-niň ýokary serkerdebaşysy we Angliýanyň Buthanasynyň dolandyryjysy tarapyndan ykrar edilen patyşa Karl III patyşalygynyň başlanandygy dünýä yglan edilipdi. Köplerde näme üçin Çarlzyň birden Karl bolandygy hakyndaky sorag ýüze çykdy. Däp bolup gelşi ýaly, britan patyşalaryna atlary nemes äheňinde beripdirler. Bu däbe daýanyp, Çarlz adynyň başga bir görnüşi Karl diýlip atlandyrylýar.
German äheňinde hatda täze monarhyň tugrasy hem düzülipdir, onda «Ich dein» diýlip ýazylandyr, ol nemes dilinden «Men gulluk edýärin» diýlip terjime edilýär.
Patyşa täç geýdirilmegi gazna 1953-nji ýyldakydan üç esse arzan düşer
Patyşanyň özi şeýle bolmagyny isledi. Bukingem köşgünde Windzorlar dinastiýasyndan patyşalyk edýän Karl III salykatlylyga we inçe nepislige tapawut goýup, uly dabaradan ýüz dönderendigini bellediler. Şol sebäpli, geçen asyrda bolan uly dabarany görüp bolmaz. Şol wagtky entäk gaty ýaş Ýelizaweta II täç geýdirilmeginiň köne ak-gara şekilindäki ýazgysyndan lezzet almak galýar.
Dabara bir sagatdan sähel köp wagtda geçer
Ähli owadan taýýarlyklar — 3 sagadyň dowamynda dowam eden geçenki täç geýdirilmegi bilen deňeşdireniňde ýeňil başagaýlykdyr. Häzirki täç geýdirilmek dabarasy, patyşanyň özüniň beýan edişi ýaly, «biziň döwrümiziň ruhyna» gabat geljek, monarhyň häzirki we geljegi nazarlaýan keşbiniň ýörelgesine ters geler. Dabara bary-ýogy 2 müň myhman gatnaşar, bu bolsa şa zenanyň-ejesiniň täç geýdirilme dabarasyndakydan 4 esse azdyr.
Patyşa çalmak üçin ýagy gadymy usul esasynda ýasadylar
Täze monarha çalmak üçin däp bolup gelýän ýagy gadymy ýasalyş usulynyň esasynda ýasadylar, ol usulyň döränine müň ýyla golaý wagt bolandyr. Ol Wifliýemiň çäginden daşardaky, Iýerusalimdäki Ýeleon daglaryndan ýygnalan zeýtundan ýasalypdyr. Ol künjiden, jasminden, bägülden, ýantardan we beýleki goşulýan zatlardan ybaratdyr. Ýag çalynmagy monarhyň aýratyn ýoluny we onuň adatdan daşarylygyny alamatlandyrýar, bu bolsa häkimiýeteHudaý tarapyndan hukuk bilen beýan edilýär.
Hiç hili mantiýa — diňe penjeklerde
Patyşanyň özüniň islegi boýunça dabara gatnaşýanlaryň ählisi adaty penjekli egin-başda ýa-da harby eşikde bolmalydyr. Ozallar bolşy ýaly, hiç hili uly mantiýalar ýa-da örtgi bolmaly däldir, öň hatda perler hem uly bolmadyk täç dakynýardylar. Patyşanyň özi harby mundirde bolar, ol döwletliligi, britan patyşalarynyň söweşijilik ruhynyň nesilligini aňladýar.
Tutuş ýurt boýunça patyşa stolunyň tagamlary bolan 3 müň iýmit nokadyny açarlar
Bu tagamlaryň sanawy eýýäm Bukingem köşgi tarapyndan çap edildi. Oňa patyşanyň halaýan süýjülikleri, şol sanda «kiş» pirogy (şirin kökesi) hem girdi. Bişiriliş usullarynyň bir bölegi britan öý bikeleri üçin bildiriş edildi, beýleki bir bölegi bolsa täç geýdirilenden soňra çap ediler. Jemi tutuş ýurt boýunça 3 müň sany iýmit nokady açylar, ol ýerlerde patyşanyň agşamlyk naharynda hödürlenen tagamlar satylar.
Dünýä 70 ýylda ilkinji gezek patyşanyň nyşanlaryny görer
7 asyr mundan öň döredilen bu hazynalary soňky gezek dünýä 1953-nji ýylda Ýelizaweta II täç geýdirilende görüpdi. Dabaranyň tomaşaçylary ilkinji gezek patyşa regalilerini-nyşanlaryny görüp bilerler, olaryň arasynda Ispowednik Eduardyň täji, Patyşanyň hasasy, häkimiýet, patyşa bilezikleri, şporlar, gylyçlar, bürgütli altyn ampula we ýag çalmak üçin çemçe we,elbetde, täç geýdirilende geýilýän mantiýalar we eşikler bardyr.
Patyşanyň aýaly Ýelizaweta II täjini geýmez
Adamsy bilen täç geýdiriljek Kamilla, şa zenany-ejäniň «Kohinur» atly meşhur täjini geýmez, onuň daşlary agramy 105 karata deň bolan ajaýyp almazdan we göwherden ýasalandyr. Çak edilişine görä, bu daş 1300-nji ýyllarda hindi rajalarynyň täjini bezäpdir. Häzir Hindistan we Pakistan bu daşa dalaş edýärler,hut şol sebäpli Kamilla şa zenany Wiktoriýanyň täjinden ýüz döndermeli boldy, ol täç öň birwagtlar häzirki monarhyň ejesiniň başyna geýdirilipdi.
Kamillanyň özüniň şa zenany-konsort, ýagny mirasdüşer şa zenany däl-de, Şa zenany diýlip yglan edilmegini belläp geçmelidiris.
Dabaranyň reýtingi 1953-nji ýylyň rekordyny geçer
Ol hem düşnükli: sebäbi täç geýdirilmegini bütin dünýä boýunça millionlarça adamlar görüp bilerler. Ýelizaweta II başyna täç geýdirilmegine telewideniýe boýunça 27 million tomaşaçy sereden bolsa, häzirki zaman çözgütleri sebäpli Karl III täç geýdirilmegi has meşhur bolar.
ORIENT