Kulibin we Mosart bir «çüýşede» ýa-da wagty dolandyrmagyň gudratymy
03.05.2023 | 01:55 |Alym, sazanda we poliglot – bu üç dürli adam däl-de, bir – ýaş türkmen talyby. Onuň ady Ýaran Hudaýberdiýew we şu gün «Orient» 20 ýaşly, ýagny ulaltman aýdylanda «tokga gyzyl» diýip atlandyryp bolýan ýigit hakda gürrüň berer.
Ol özüniň ýaşlygyna garamazdan, häzirki wagtda ylmy ýaryşlaryň ýeňijisi, üç sany saz guralyny çalýar hem-de türkmen we rus dillerinden başga-da 6 daşary ýurt dilini bilýär. Emma hemmesi barada tertip boýunça.
Ýaranyň özi üçin ylym özüni doly bagyşlamak isleýän ileri tutulýan ugurdyr. Öňrak ol Moskwadan Halkara ýaşlar suw bäsleşigi-2023-den öz ýokary okuw mekdebine wekilçilip edip ýeňiji ady bilen geldi. Ol, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.
Ýaş alymyň «Ekorakowina. Suwdan peýdalanmakdaky innowasiýa tehnologiýalary» atly taslamasy diňe bir Moskwa bäsleşiginiň emin agzalarynyň ünsüni özüne çekmän, eýsem olar türkmen talybynyň oýlap tapyşyna ýokary baha berip, 1-nji orna mynasyp gördüler. Şeýle hem onuň işi Russiýa Federasiýasynyň Federal Suw çeşmeleri agentliginiň (Roswodresursy) hünärmenlerini gyzyklandyrdy. Olar ýaş täzelikçi bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar.
Umuman aýdanyňda, «ekorakowina» «ýaşyl» maksatnamalar görnüşinde işlenip düzülip, suwy gaýtadan ulanmak arkaly tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Ýörite mehanizm arassalanan «bölegi» suw howdanyna ibermek bilen suwuň mukdaryny tapawutlandyrýar. Mundan başga-da, şeýle tygşytly we ekologiýa taýdan arassa enjam öýde-de, kärhanalarda-da ulanylyp bilner.
Asyl tehnologiýa, «Iň oňat innowasiýa taslamasy» bäsleşiginde awtora ýene bir ýeňiş getirdi we Moskwada geçirilen ylmy ýaryşda iki gezek ýeňiji boldy.
Ýaran, öz bilimini GDA-nyň 9 ýurdundan – Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Russiýanyň sebitlerinden gelen iň oňat oýlap tapyjylaryň arasynda bäsleşdi. Jemi finalda 24 taslama bäsleşdi we eminler olary birinji tapgyrda teklip edilen 1700-den saýlady.
Ýaran intellektual ýaryşlarda täze adam däl. Ol geçen ýylyň oktýabr aýynda Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ylmy bäsleşiginiň «Gran-pri» baýragynyň eýesi, şeýle hem köp sanly milli ýaşlaryň, diliň we beýleki ýaryşlaryň hem-de mowzuk olimpiadalaryň ýeňijisi boldy. Mundan başga-da, onuň «çempionlyk sanawy» mekdep ýyllarynda dolduryp başlady.
Ýeri gelende aýtsak, onuň takyk we tehniki ylymlara bolan höwesi we ymtylyşy umumybilim berýän orta mekdepde başlandy. Hut şol döwürler ol matematika, fizika, himiýa bilen çynlakaý gyzyklanyp başlady we uniwersitetde bu dersleri özleşdirmegi dowam etdirdi. Şeýle-de bolsa, onuň şol wagtlar başga-da höwesi, ýagny saza höwesi bardy. Ýaran sazçylyk mekdebinde 10 ýyl okady we häzirki wagtda fortepiano, akkordeon we bariton (bas truba) çalýar we elbetde halkara, sebit we milli saz ýaryşlarynyň baýragynyň eýesi.
Ýaran Hudaýberdiýewiň aýdyşy ýaly: «Onda Kulibin bilen Mosart ajaýyp ýagdaýda oňuşýarlar we wagt dolandyryşynyň gudraty bolsa oňa poliglot endiklerini ösdürmäge hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmäge mümkinçilik berýär».
Türkmen we rusy hasaba almasak, ol ýene-de 6 dili bilýär – kämil derejede iňlis, nemes, fransuz dillerini, gepleşik derejesinde - italýan, hytaý we ýapon dillerini (bu ugurlarda okuw henizem dowam edýär) bilýär. Ol dil kurslaryna ýygy-ýygydan gatnaýar, mugallymlardan aýratyn ders alýar we bularyň hemmesini ýokary okuw mekdebindäki okuwyny, talyp we ylmy çärelere işjeň gatnaşmagyny hasaba almazdan edýär.
Ine, şu ýerde bir sorag ýüze çykýar: hakykatdanam wagtyňy dogry peýdalanmak meselesimi ýa-da zehinli adamlar beýlekilerden has aňsat özleşdirip bilýärmi? Elbetde, zehin möhümdir, ýöne islendik ukyplary ösdürmeli, öwrenmeli we bilimiňi hemişe «dolduryp durmaly». Şeýle erjel adamlara bagt ýylgyrýar hem kömek edýär we, elbetde, Ýaranyňky ýaly ýeňiş hem getirýär.
Gulýa Geldiýewa