Iň täze habarlar

Nobatdaky türkmen-german ykdysady forumy oktýabr aýynda bolar

02.05.2023 | 11:45 |
 Nobatdaky türkmen-german ykdysady forumy oktýabr aýynda bolar

Döwlet guramalarynyň we telekeçilik gurluşlarynyň gatnaşmagyndaky türkmen-german ykdysady forumy üstümizdäki ýylyň oktýabrynda Germaniýada geçiriler. Çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde sanly aragatnaşyk arkaly tematiki seminarlar geçer.

Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy, onuň barşynda ýurduň wekiliýetiniň Germaniýa saparynyň jemleri barada hasabat berildi – diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň wekilleriniň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge isleg bildiren CLAAS we Wilo kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirendikleri bellenildi. Bu jähtde, nemes kompaniýalary bilen, şol sanda ýokary tehnologiýalar we «ýaşyla» geçmek babatynda uly gerimli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklipler aýdyldy.

Şeýle hem taraplar Deutsche Bank AG we Commerzbank AG nemes banklary bilen konstruktiw dialogy ýola goýmagy we hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilklerini açmaklygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-german özara gatnaşygyny uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

ORIENT habarlar

Foto: pixabay.com

Şeýle hem okaň: