Trendyol Azerbaýjanyň bazaryna çykar
01.05.2023 | 09:38 |Türkiýäniň Trendyol söwda platformasy Azerbaýjanyň bazaryna çykar – diýip, Türkiýäniň Senagat we tehnologiýalar ministri Mustapa Warank Stambulda geçýän aerokosmiki tehnikanyň festiwalynyň barşynda beýan etdi - diýip, «Anadolu» agentligi habar berýär.
Ministr iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň «bir millet – iki ýurt» ýörelgesine esaslanýandygyny, ykdysady özara gatnaşygyň bolsa düýbünden başgaça ölçege ösüp geçendigini sözüniň üstüne goşdy.
Türk elektron täjiriçilik ägirdiniň Germaniýada şahamçasyny esaslandyryp, geçen ýyl Ýewropanyň bazaryna çykandygyny belläp geçmelidiris. Indi bolsa şoňa meňzeş nokat Azerbaýjanda hem peýda bolar, bu bolsa iki dostlukly ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny birnäçe esse ýokarlandyrar.
Trendyol 2010-njy ýylda esaslandyrylypdy. Şondan bäri ol Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda hem has elýeterli halkara bazarynyň biri hökmünde meşhurlyk gazandy.
ORIENT habarlar