Eýranyň hazarýaka ýurtlary bilen söwdasynda Türkmenistan 3-nji orny eýeleýär
01.05.2023 | 19:45 |Geçen maliýe ýylynda (20-nji martda tamamlandy) Eýranyň Hazar deňziniň kenarýaka döwletleri bilen söwdasy (çig nebit eksportyny hasaba almazdan) 3,81 milliard dollara deň bolan 6,89 million tonna boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwdanyň fiziki göwrümi boýunça 12,78% peselendigini, emma maliýe hasabynda 9.51% ýokarlanandygyny aňladýar – diýip, Financial Tribune neşiri Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň maglumatlaryny getirýär.
Neşiriň habaryna görä, Türkmenistan umumy bahasy 487,62 million dollarlyk (32,34% ösüş, bu goňşy ýurtlaryň arasynda iň ýokary görkeziji) 1,31 million tonna (6,45% kem) bilen üçünji orny eýeleýär.
Russiýa hazarýaka döwletleriň arasynda Eýranyň esasy söwda hyzmatdaşy bolmak bilen, gürrrüňi edilýän döwür içinde 2,32 milliard dollarlyk (3,44% ösüş) 4.04 million tonna (17,79% pes) söwda etdi.
Ondan soňky setiri 688.03 million dollarlyk (13,2% ösüş) 784,380 tonna (7,9% kem) bilen Azerbaýjan eýeleýär.
Sanawy 320,14 million dollara deň bolan (20,79% ösüş) 750,955 tonna (3.05% ösüş) bilen Gazagystan jemleýär.
ORIENT news