Halal dünýä senagaty KazanForuma gatnaşar
28.04.2023 | 12:06 |18-19-njy maýda Kazanda «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» atly Halkara ykdysady forum geçer. Kazan diňe bir özara ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolman, eýsem dünýä halal aşhanasynyň we senagatynyň merkezine öwrüler.
Halal senagatyna forumda birnäçe sessiýalar bagyşlanar. Şeýlelikde, bilermenler halal ölçegi boýunça azyk önümleriniň dünýä bazarynyň ösüş trendini, sarp edijileriň tapawut goýmalarynyň üýtgemegini ara alyp maslahatlaşarlar, et, süýt, konditer we beýleki halal önümleriň aýratynlyklaryna we üpjün edilişiniň geljegine gararlar.
Şeýle hem soraglaryň arasynda: bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamagyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi, Halal ölçegleri boýunça myhmansöýüjilik senagatynyň ösmegi. Forumyň çäklerinde standartlaşdyrmak boýunça «Halal önümleri we hyzmatlary» döwletara tehniki toparynyň ýygnagyny geçirmek hem meýilleşdirilendir.
Forumyň esasy wakasy «Russia Halal Expo» bolar, ol Halal ölçegleri boýunça maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň ajaýyp meýdançasydyr, halkara işewürlik gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin platformadyr, onda azyk önümleri, azyk däl önümler, lomaý-bölek satuw, maşyn gurluşygy, gurluşyk, modanyň we gözelligiň senagaty, maliýe we maýa goýumlar, syýahatçylyk, bilim, maglumatlar tehnologiýalary we saglygy goraýyş babatynda Halal hyzmatlar görkeziler.
Giň gerimli ykdysady forumyň çäklerinde «Halal» temasyna üns bermegiň tötänleýin däldigini belläp geçmelidiris. Dünýä Halal senagatynyň her ýylky dolanyşygy $2 trilýondan geçýär. «Halal» ölçegleri boýunça önümler we hyzmatlar hil belgisi hökmünde dünýäde has giňden ýaýraýar.
ORIENT habarlar