Iň täze habarlar

Türkmen işewürligine eBay Central Asia Hub 2023 taslamasy bilen tanyşmak üçin ikinji sessiýada garaşýarlar

28.04.2023 | 12:47 |
 Türkmen işewürligine eBay Central Asia Hub 2023 taslamasy bilen tanyşmak üçin ikinji sessiýada garaşýarlar

Telekeçiligi we işewürlik-gurşawyny ösdürmek boýunça USAID guramasynyň taslamasynyň eBay Central Asia Hub 2023 taslamasyna gatnaşmak boýunça birinji maglumat sessiýasyna gatnaşyp bilmedikler üçin, gurnaýjylar ikinji onlaýn-sessiýany geçirýärler.

Ol 2-nji maýda sagat 14:00 geçer (Aşgabat, Duşenbe we Daşkent wagty bilen). Maksatnama gatnaşmagyň artykmaçlyklary bilen tanyşmak üçin çärä gatnaşmaga hasaba alynmak şu salgylanma boýunça amala aşyrylýar.

Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasy bilen Halkara maliýe merkeziniň bilelikde ýerine ýetirýän eBay Central Asia Hub 2023 taslamasy Merkezi Aziýadan elektron söwda (täjirçilik) bazaryna çykmaga taýýar satyjylaryň has köp mukdaryny çekmäge gönükdirilendir. Merkezi Aziýada hasaba alnan kärhanalar ýa-da hususy telekeçiler oňa gatnaşyp bilýärler.

Haba gatnaşmak olara Ebay platformasynda hususy dükanyny döretmäge we dolandyrmaga, şol sanda harytlary ýüklemäge we ugratmaga, daşary ýurtly satyn alyjylardan tölegleri almaga mümkinçilk berer. Olar şeýle hem iri bazaryň dinamikasyna düşünmegi öwrenerler: bäsdeşler, bahalaryň derejeleri we üstünligiň faktory, özleriniň ilkinji eksportyny amala aşyryp bilerler.

Gyzyklanýan däläşgärler salgylanma boýunça anketasyny dolduryp, ýüz tutmany tabşyryp bilerler.

ORIENT habarlar

Foto: ru.wallpaper.mob.org

Şeýle hem okaň: