Iň täze habarlar

USAID Türkmenistanyň ulag kompaniýalarynyň işgärleri üçin seminarlary gurnaýar

24.04.2023 | 09:53 |
 USAID Türkmenistanyň ulag kompaniýalarynyň işgärleri üçin seminarlary gurnaýar

ABŞ-nyň halkara ösüş agentligi ulag-logistika pudagynda işleýän 35 ýaşa çenli bolan ýaş hünärmenleri logistika we ulag pudagynyň, satuwlar ugrunyň we işgärleri dolandyrmak boýunça öz işini bilýän iň gowy işgärlerinden tejribe almak üçin seminarlara gatnaşmaga çagyrýar.

Okuw seminarlary işde öňe gitmek isleýänleriň we üznüksiz hünär ösüşini möhüm diýip hasaplaýanlaryň hemmesi üçin peýda getirer.

Gatnaşyjylar 3 onlaýn-sessiýany geçerler we özlerini gyzyklandyrýan soraglary bu pudakdaky işine ussat hünärmenlere bermäge mümkinçilik alarlar. Seminaryň netijesi boýunça diňleýjilere degişli şahadatnama gowşurylar.

Kursda çykyş etjekler:**

— Berna Akýyldyz —Transtas Global halkara logistika kompaniýanyň wise-prezidenti, WiLAT Turkey-niň başlygy.

Seminaryň temasy: «Logistika işinde işewürligi ýöretmegiň esaslary»

— Mariýa Ýemelýanowa — Freedom Mobile-iň satuwlar boýunça direktory
Seminaryň temasy: «Logistikada satuwlar: aýratynlyklar we mümkinçilikler»

— Oksana Soý — HR (adam serişdeleri) babatynda CILT bilermen

Seminaryň temasy: «Işde ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ýaş hünärmenleriň esasy başarnyklary».

Sapaklaryň geçirilýän seneleri: 25-nji aprel, 5-nji maý, 11-nji maý.

Okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin şu salgylanma boýunça hasaba alynmaly.

ORIENT habarlar

Foto: USAID

Şeýle hem okaň: