Iň täze habarlar

USAID türkmen işewürligine sebitleýin bazarlara çykmak boýunça maslahatlary berer

24.04.2023 | 18:54 |
 USAID türkmen işewürligine sebitleýin bazarlara çykmak boýunça maslahatlary berer

Merkezi Aziýada söwda boýunça USAID-yň maksatnamasy türkmen işewürliginiň wekillerini 27-nji aprelde boljak «MSB nähili usulda artdyrylan gymmatyň sebitleýin zynjyryny döredip biler?» atly onlaýn ussatlyk-sapagyna çagyrýar.

Iki sagatlyk okuwyň maksatnamasy aralyk önümi üpjün ediji hökmünde eksporta çykmaklygyň nähili mümkinçilikleri, bazarlaryň köpräk mukdaryny gurşamak üçin bilelikdäki işewürligi döretmek, öz kärhananyň töwereginde klasteri döretmek ýaly esasy meseleleri öz içine alar.

Gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlaryndan kärhanalaryň üstünlikli mysallary bilen — aralyk önümleri üpjün edijiler bilen tanyş bolarlar.

Ussatlyk-sapagyna gatnaşmak tölegsiz. Onuň üçin ýüz tutmanyň degişli formasyny doldurmak gerek.

Wagty — Aşgabat wagty bilen sagat 14:00.

ORIENT habarlar

Foto: regiontu.ru

Şeýle hem okaň: