Tengrinews: Gazagystanlylaryň şahsyýetini tassyklamakda barmak yzlary peýda bolmagy mümkin
31.03.2023 | 01:18 |Gazagystanyň raýatlarynyň şahsyýetini tassyklamaga barmak yzlaryny goşmagy meýilleşdirýärler – diýip, ýurduň Içeri işler ministrliginiň «Открытые НПА» saýtynda çap edilen degişli kararyň taslamasyna salgylanyp, Tengrinews habar berýär.
Täze girizilme Gazagystanyň raýatynyň pasportynyň we şahsyýeti tassyklaýan resminamasynyň resmileşdirilmegi, berilmegi, çalşylmagy, tabşyrylmagy, alynmagy we ýok edilmegi baradaky täze düzgünleriň girizilmeginden, ýurtda ýaşamak üçin rugsadyň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlary tassyklamak baradaky täze düzgünlerden gelip çykýar.
Taslama laýyklykda, şahsyýeti tassyklaýan resminamalar şu aşakdaky maglumatlary hem öz içine alar: familiýasy, ady we atasynyň ady; doglan senesi we ýeri; jynsy; milli degişliligi; raýatlygy; suraty; resminamany beren edara; berlen senesi, resminamanyň belgisi we onuň möhleti; resminamalaryň eýesiniň goly; şahsy indentifikasiýa belgisi.
ORIENT habarlar