China daily: Alibaba-nyň gaýtadan gurulmagy Hytaýyň IT-kompaniýalarynyň paýnamalarynyň bahasynyň artmagyna getirdi
30.03.2023 | 10:51 |Alibaba-nyň düzüminiň gaýtadan gurulmagy hem kompaniýanyň özüniň, hem-de Hytaýyň beýleki IT-ägirtleriniň paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi – diýip, China daily habar berýär.
Çarşenbe güni Alibaba-nyň paýnamalarynyň bahasy 12,23% artdy. Gonkongyň biržasy ýapylanda olaryň bahasy 94,55 gonkong dollaryna deň boldy (12,05 dollar). Beýleki tehnologik kompaniýalaryň paýnamalarynyň bahasy, şol sanda JD we Baidu-nyň paýnamalarynyňky hem ýokarlandy.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, düýpli üýtgetmeler Alibaba-nyň paýnamalarynyň bahasyna gaýtadan seredilmegine getirer, bu bolsa onuň işewürlik-bölümçelerine aýratynlykda serişdeleri çekmäge we özbaşdak birža çykmaga mümkinçilik berer.
Alibaba-nyň gaýtadan gurulmagy Hytaýyň ýurduň ykdysady ösüşini goldamakda we ilatyň iş üpjünçiligini giňeltmekde möhüm orun eýeleýän kärhanalary höweslendirmäge üns berýän wagtynda has hem wajypdyr.
ORIENT habarlar