Iň täze habarlar

Adriatiküsti turba geçirijisi arkaly Ýewropa iberilýän gazyň möçberi aýan edildi

29.03.2023 | 11:27 |
 Adriatiküsti turba geçirijisi arkaly Ýewropa iberilýän gazyň möçberi aýan edildi

Täjirçilik taýdan işe girizilip başlan wagtyndan bäri Adriatiküsti turba geçirijisi (TAP) arkaly Ýewropa daşalýan gazyň möçberi 22 mlrd kub metre deň boldy– diýip, TAP-yň dolandyryjy direktory Luka Skýepattä salgylanyp, Trend habar berýär.

«Biz Ýewropa 22 mlrd kubometrden gowrak gaz iberdik. Bazar islegini kanagatlandyrmak üçin biz 2022-nji ýylyň fewral aýynyň ortasyndan başlap, doly güýçde işlemäge golaýladyk we gysgamöhletleýin kuwwatlygy ýokarlandyrmak üçin täjirçilik önümlerini işläp düzdük» - diýip, Ýewropa gaz maslahatynda çykyş etmek bilen ol beýan etdi.

Günorta gaz geçelgesiniň Ýewropa bölegi bolan Adriatiküsti turba geçirijisinden her ýylda 8 milliard kub metr gaz Italiýa iberilýär we 1 milliard kub metr – Gresiýa we Bolgariýa iberilýär.

2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Azerbaýjanyň mawy ýangyjynyň Günorta gaz geçelgesi arkaly Ýewropa iberilmegine badalga berlipdi.

ORIENT habarlar

Foto: trend.az

Şeýle hem okaň: