Iň täze habarlar

Türkmenistanda saýlaw synçylary ýaşlaryň işjeňligini we baýramçylyk howasyny nygtadylar

26.03.2023 | 20:28 |
 Türkmenistanda saýlaw synçylary ýaşlaryň işjeňligini we baýramçylyk howasyny nygtadylar

Türkmenistanda Milli Parlament saýlawlarynda ses bermeklik tamamlandy. Kampaniýanyň dowamlylygyna ýurdumyzyň welaýatylarynda we paýtagtda 80-den gowrak halkara synçysy yzarlady.

1.jpg

GDA-nyň synçy missiýasynyň başlygy Sergeý Lebedew Aşgabatdaky saýlaw uçastoklarynyň birinde metbugat wekilleri bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň raýatlarynyň, şol sanda ýaşlaryň irden bäri saýlawlara işjeň gatnaşygyny, aýdym-sazly baýramçylyk howasyny belledi. Şeýle hem, saýlaw uçastoklarynyň gowy taýýarlygyny, saýlaw toparynyň agzalarynyň ünsliligini we başarnyklylygyny belläp geçdi.

2 (1).jpg

Parlamente saýlawyň geçirşine 80-den gowrak, şol sanda BMG, GDA, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki döwletleriniň guramasy, Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik Guramalary we Adam Hukuklary Edarasy ýaly halkara synçylar gözegçilik etdi.

2 (2).jpg

Sergeý Lebedew saýlawlaryň öňüsyrasynda ŞHG-nyň synçylar missiýasynyň başlygy Grigoriý Logwinow we Demokratik guramalar we adam hukuklary boýunça edaranyň synçylar missiýasynyň başlygy Korin Ýonker bilen duşuşdy.

«Respublikada saýlawlara halkara gözegçilik etmek üçin zerur şertleriň döredilendigini belleýäris», - diýip GDA-nyň Baş sekretarynyň başlygy olar bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

3.jpg

ORIENT news

Foto: cis.minsk.by

Şeýle hem okaň: