Iň täze habarlar

Daşkendiň V Halkara marafony 5000-den gowrak gatnaşyjyny kabul eder

06.03.2023 | 12:30 |
 Daşkendiň V Halkara marafony 5000-den gowrak gatnaşyjyny kabul eder

Nowruz baýramyna bagyşlanan Daşkendiň V Halkara marafony 5500 gatnaşyjyny kabul eder – diýip, ýangi Uzbekiston habar berýär. Marafon 12-nji martda geçiriler.

Ýaryşlar dört aralykda - 42 km 195 m, 21 km 97,5 m, 10 km we 3 km aralykda geçiriler we 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar. 22 ýurtdan gelen türgenler we ylgawçylar marafona gatnaşmak üçin eýýäm arzalaryny tabşyrdylar.

Daşkendiň Halkara marafony Bütindünýä ýeňil atletika ýaryş senenamasyna girizildi we berk düzgünlere laýyklykda geçirilýär. Onuň ugry, Halkara marafonlar birleşigi we AIMS tarapyndan sertifikatlaşdyrylandyr.

Bu ýyl gurnaýjylar ekologiýa taýdan arassa çäräni geçirmegi maksat edinýärler. Esasanam, gatnaşyjylaryň enjamlary gaýtadan işlenen materiallardan ýasaldy. Guramaçylyk komiteti BYD synag elektrik ulaglaryny hem aldy.

ORIENT news

Foto: ticket.uz

Şeýle hem okaň: