Türkmenistan Türküstan jarnamasyny kabul etdi: ol näme barada?
11.02.2023 | 12:43 |Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birinji parlamentara forumyna gatnaşdy, onuň netijeleri boýunça Türküstan jarnamasy kabul edildi, oňa sebitiň ähli bäş döwleti gol çekdi – diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Jarnama Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň kanun çykaryjylyk edaralarynyň ugry boýunça integrasiýasynyň esasy boldy. Forumda türkmen wekiliýetine ýurduň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Aşyrow baştutanlyk etdi.
Merkezi Aziýanyň bäşliginiň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ähmiýetli ykdysady we adam mümkinçilikleri bolan kuwwatly merkeziň döremegine ýardam edýär. Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda «MA+1» formaty sebitiň ýurtlaryna daşary ykdysady derejede Russiýa, HHR, ABŞ, Hindistan, Ýaponiýa we ÝB ýaly dünýä ägirtlerine bilelikde jogap gaýtarmaga kömek edýän netijeli meýdança öwrüldi.
2021-nji ýylda MA döwletleriniň baştutanlarynyň Türkmenbaşyda bolan konsultatiw duşuşygy sebitiň wajyp meselelerine ýeke-täk çemeleşmäniň döredilmegine we onuň goňşylary bilen gatnaşygyna syýasatyň ygrarlydygyny berkitdi. Şunda «MA+1» formatyň özi beýleki gurluşlaryň integrasiýa alamatlaryny özüne birleşdirmek isleýär: hut şol sebäpli ýurtlaryň bähbitleriniň birleşmegi gurşap alyjy häsiýete eýedir. Bu ynsanperwerlik ugruna (Merkezi Aziýada ýokary bilim giňişligini döretmek), howpsuzlyga (ÝB-nyň araçäkler we ekstremizme garşy göreş maksatnamasy), ykdysadyýete (özara haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ymtylyş), şeýle hem syýasy ugra (sebitleýin we dünýä meselelerine ýeke-täk çemeleşme) degişlidir.
Kabul edilen Türküstan jarnamasy we beýleki bilelikdäki resminamalar Merkezi Aziýadaky proteksionizm we serhetara meseleleriniň wagty öz soňuna ýetip gelýändigini görkezýär. Indi ýurtlar adalatly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy döretmek üçin hemme zatlary öz içine alýan güýçlerini birikdirmäge berk kararlydyrlar.
Meselem, täze jarnama bäş döwletiň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarýar we indi ýurtlar:
-Öz parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkiderler,
-bilelikde ýa-da ikitaraplaýyn çäreleri geçirerler we ikitaraplaýyn saparlary gurarlar,
–umumy bähbitleriň esasynda kanun çykaryjy edaralaryň işini bilelikde gowulandyrarlar,
–parlamentara komissiýalaryň, dostluk toparlarynyň we parlamentleriň komitetleriniň özara täsirini giňelderler,
–ýerli wekilçilikli edaralaryň derejesinde has ýakyn hyzmatdaşlyk ederler,
–serişdelerden netijeli peýdalanmak üçin «ýaşyl taslamalaryň» netijeliligini bilelikde ýokarlandyrarlar,
–halkara terrorçylyga, bikanun migrasiýa, neşeleriň bikanun dolanşygyna we ş.m. garşy göreşmek üçin hukuk şertlerini dörederler.,
–BMG-niň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň üstünde bile işlärler,
–bilelikdäki bilim we saglyk taslamalarynyň başlangyçlaryny goldarlar,
–zenanlaryň hukugy babatynda tejribe alşarlar,
–medeni mirasy saklamaklygyň üstünde bilelikde işlärler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birinji parlamentara forumy Gazagystanda üstünlikli geçirildi we sebitde ýeke-täk ykdysady-syýasy we taryhy-medeni giňişligi döretmeklige gönükdirildi.
Arslan MÄMMEDOW