Iň täze habarlar

BelTA: Belorussiýanyň Emläk baradaky döwlet komiteti öz işinde neýrosetlerden peýdalanmagy meýilleşdirýär

31.01.2023 | 10:27 |
 BelTA: Belorussiýanyň Emläk baradaky döwlet komiteti öz işinde neýrosetlerden peýdalanmagy meýilleşdirýär

Belarus Respublikasynyň Emläk baradaky döwlet komiteti awtomatiki kadada hukuk bozulmalary ýüze çykarmak üçin neýrosetleri ulanmaklygy meýilleşdirýär – diýip, edaranyň baştutany Dmitriý Matusewiçe salgylanyp, BelTA habar berýär.

«Neýrosetleri biziň meselelerimize laýyk edip işläp düzýärler we onuň netijesinde olar ol ýa-da beýleki iş ýagdaýlaryny ýüze çykararlar. Iş ýüze çykarylandan soň, mysal üçin, ol ygtyýar berilmezden alnyp barylýan gurluşygy, nazary taýdan neýrosetiň özi şol ýeri hem-de gurluşygy alnyp barylýan desganyň eýesini gözläp tapmaga synanyşyp biler» - diýip, Minskide (28-nji ýanwarda) Şahsy maglumatlary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilen halkara forumynda çykyş edende Matusewiç gürrüň berdi we geljekde neýrosetleriň özleri ýer eýelerine hatlary özbaşdak taýýarlap we ugradyp bilerler diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Emläk baradaky döwlet komitetinde raýatyň we kärhananyň ykdysady howpsuzlygy üçin möhüm bolan köp şahsy maglumatlar bar. Şu nukdaýnazardan, şol maglumatlary bermek mümkinçiligi bilen bir wagtda maglumatlary işlemegiň däp bolup gelýän işlerini berjaý edip, olary goramagyň deňagramlylygyny tapmalydyr.

ORIENT habarlar

Foto: belta.by

Şeýle hem okaň: