Iň täze habarlar

Moskwada Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň (WDNH) çäginde GDA ýurtlarynyň Halklarynyň dostluk festiwaly geçiriler

26.01.2023 | 20:22 |
 Moskwada Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň (WDNH)  çäginde GDA ýurtlarynyň Halklarynyň dostluk festiwaly geçiriler

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde 2023-nji ýylda GDA ýurtlarynyň Halklarynyň dostluk festiwalyny guramak we geçirmek boýunça iş maslahaty geçirildi. Bu barada Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň internet saýtynda habar berilýär.

GDA Işewürlik merkeziniň wekilleri Festiwalyň çäklerinde dürli çäreleriň - ykdysady forumyň, sergileriň, medeni-köpçülikleýin baýramçylyklaryň we başga-da köp çäreleriň geçiriljekdigini habar berdiler.

Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar ýeňil atletika, futbol, başa-baş söweş sungaty, sambo ýaly sportuň köpçülikleýin görnüşleri boýunça çäreleri işläp düzmegi teklip etdiler. Olar ýaşlaryň uly isleg bildirýän sport görnüşlerine aýratyn üns berdiler, has takygy atçylyk sportunyň konkur görnüşi boýunça ýaryş guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Her ýyl Russiýanyň Senagat we söwda ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän "Senagat we sport" taslamasy barada hem gürrüň edildi. Delegatlar Forumy diňe bir Russiýada däl, eýsem GDA ýurtlarynda hem geçirmegi we ony Halkara derejesine çykarmagy teklip etdiler.

ORIENT news

Foto: vdnh.ru

Şeýle hem okaň: