Iň täze habarlar

CGTN: dürli ýurtlarda aý senenamasy boýunça Täze ýyly bellediler

26.01.2023 | 17:11 |
 CGTN: dürli ýurtlarda aý senenamasy boýunça Täze ýyly bellediler

22-nji ýanwarda başlanan aý senenamasy boýunça hytaý Täze ýylyny diňe bir Hytaýyň ýaşaýjylary däl-de, eýsem bütin dünýäde belläp geçýärler. CGTN kanalynyň habar bermegine görä, bahar baýramy bilen bu günlerde birek-biregi Kanadada, Braziliýada, Beýik Britaniýada, Italiýada we beýleki ýurtlarda gutlaýarlar.

Şeýlelikde, hytaý täze ýyly mynasybetli Wankuwerde geçirilýän parad ýurtdaky iň uly paradlaryň biridir we onuň onýyllyga golaý taryhy bar. Gurnaýjylaryň sözlerine görä, bu ýyl dabaraly ýörişe bäş müňden gowrak adam gatnaşdy, tomaşaçylaryň sany bolsa ýüz müňden geçdi.

«Men Wankuwerde doguldym we öň tomaşaçy hökmünde ýörişe köp gezek gatnaşypdym, ýöne bu ýyl ilkinji gezek özüm oňa gatnaşmak isledim» – diýip, ýörişe gatnaşyjylaryň biri Jon Todd öz täsirlerini paýlaşdy.

Braziliýanyň paýtagtynda «Baharyň şadyýan baýramy—2023» konserti gurnaldy, oňa Hytaýyň Braziliýadaky ilçisi Çžu Sinszýao, hytaý diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Braziliýanyň hökümetiniň agzalary gatnaşdylar. Ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Braziliýanyň Medeniýet ministri Margaret Menezes täze ýylda iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň täze mana eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Londondaky Baş Trafalgar meýdançasynda Hytaýyň däp bolan ýolbars tansy ýerine ýetirildi, ol Hytaýda meşhur halk tans şüweleňidir. Edil şu tansy milli hytaý saz gurallaryndaky janly çalynmagy bilen Kolumbiýanyň paýtagtynda hem görkezdiler.

Milanyň ýaşaýjylary Bahar baýramy bilen gutlaglary şäheriň merkezindäki uly ekranda çykan birbada iki dilde görmäge mümkinçilik aldylar. Myhmanlary şeýle hem kagyzy kesmegiň däp bolup gelýän hytaý sungaty – szýançži bilen tanyşdyrdylar. Hytaýyň wekillerinde ol täze ýyl baýramlarynyň nyşany hasaplanýar.

Ýaşaýjylary baýram bilen gutlap, Milanyň häkimi Juzeppe Sala munuň sazlaşykly we bagtly ýylyň başlangyjy boljakdygyny belledi.

Aý senenamasy boýunça täze ýyly Italiýanyň başga-da bir şäheri - Turin hem garşy aldy. Demirgazyk Turindäki iň beýik bina – ýurduň nyşany bolan Mole-Antonellianany açyk-gyzyk reňk bilen yşyklandyrdylar we oňa «bagt» diýen manyny berýän hytaý iýeroglifindäki ýazgyny şöhlelendirdiler.
Hytaý täze ýylynyň baýram edilmegi 5-nji fewrala çenli dowam edýär.

ORIENT habarlar

Foto: twitter.com

Şeýle hem okaň: