Türkmenistan Awstriýa haýsy ugurlardan gyzyklanma bildirýär?
01.12.2022 | 00:23 |Duşenbe güni Aşgabatda geçen Türkmen-awstriýa işewürler forumy iki ýurduň iki ýurduň döwlet we işewür jemgyýetçilikleriniň ünsüni çekdi.
Islendik çärä syýasy taýdan dartgynlylyk beresi gelýänler üçin, ýeri gelende aýtsak: Türkmenistan hem, Awstriýa Respublikasy hem ençeme ýyllaryň dowamynda oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýär.
Iki ýurduň işewürler duşuşygyna gatnaşyjylar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga uloy ähmiýet berýändiklerini agzybirlik bilen aýtdylar. Şol hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady gatnaşyklary baş ugry bolup durýar.
Şunda türkmen döwletiniň strategiýasynyň şu ugurlar boýunça özara gatnaşyklary ösdürmek üçin oňaýly ýagdaýlary döredýändigi nygtaldy. Şol ugurlar bolsa örän giňdir – ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny senagatlaşdyrmak, gaýtadan işleýän pudagy pugtalandyrmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri gurmak we ş.m.
Häzirki günde Türkmenistanda awstriýaly kompaniýalar gurluşykda we gurluşyk serişdelerini öndürmek, saglygy goraýyş ulgamlarynda, söwdada, ulag hyzmatlarynda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýaly enjamlary ibermekde we şuňa meňzeş beýleki ugurlarda taslamalary durmuşa geçirdiler.
Emma, dünýä ykdysadýetini çökgünlige getiren ählumumy pandemiýa türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň derejesini ep-esli peseltdi. Türkmen tarapynyň hem, awstriýa tarapynyň hem dessine seslenmeginde guralan işewürlik forumy-da, şeýle hem bilelikdäki toparyň geçiriljek mejlisi mazmuny taýdan birek-biregiň üstüni ýetirýän ykdysadyýetleri ýakynlaşdyrmak boýunça işleri täzeden dikeltmäge özara ymtylmalara şaýatlyk edýär.
Uzak wagtlyk arakesmeden soň, çarşenbe güni geçirilmegi meýilleşdirilen türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi taraplaryň pandemiýadan soň ykdysady aragatnaşyklaryň täzeden dikeldilmegini işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini tassyklaýar.
Sagdyn ýaşaýyşy üpjün etmäge hem-de ýaşaýyş-durmuşyň özi tarapyndan emele gelen ýagdaýlar eýýäm dowam edýär. Ine, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň 9 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende haryt dolanyşygy üç esse (!) artdy.
Türkmenistanyň Maliýe ministrligi hem statistiki maglumatlary bilen begendirse-de, (şol maglumatlara görä, hojalyk subýektleriniň 5-si hem-de şertnamalaryň we bilelikdäki taslamalaryň 31-si bellige alyndy) muňa garamazdan, bu görkezijileriň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň mümkinçiliginden heniz uzakdadygy hemmeler üçin aýdyňdyr.
Türkmen-awstriýa forumy we onuň yzýany bilen çarşenbe güni geçirilmegi meýilleşdirilen türkmen-awstriýa toparynyň bilelikdäki mejlisi hem şu näsazlygy aradan aýyrmaga (esasan bu näsazlygy çözmäge itergi bermäge) gönükdirilendir. Ýakyn wagtda ulanyljak mümkinçilikler bolsa, gaýatalap nygtaýarys, örän uludyr.
Hut şu tarapdan-da Türkmenistan Awstriýa gyzyklanma bildirýär. Edil şonuň ýaly hem Awstriýa Türkmenistana gyzyklanma bildirýär...
Bekdurdy AMANSARYÝEW