Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa kompaniýalaryny «akylly» şäher taslamalaryny durmuşa geçirmäge çagyrdy
30.11.2022 | 22:45 |Koreýa Respublikasyna bolan resmi iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iri koreý kompaniýalarynyň wekillerini Türkmenistanda iri şäher gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Koreýanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda türkmen şäherleriniň keşbini täzelemegiň ileri tutulýandygyny nygtamak bilen, şu gün «akylly» şäheriň doly innowasion düşünjesiniň nusgasy bolan Ahal sebitiniň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrdadygyny belledi.
Mundan başga-da, amatly ýaşaýyş jaýlaryny, ýol we ulag ulgamyny, ekologiýa zolaklaryny, dynç alyş we bilim merkezlerini öz içine alýan «Aşgabat citi» atly başga bir ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.
«Biz Daewoo Engineering & Construction kompaniýasynyň bu taslama gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini bilýäris we bu islegiňizi goldaýarys» - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
ORIENT news
Surat: clubpixel.ru